Dubaýda “Türkmen halylary” dükany açyldy

BT
Dubaýda “Türkmen halylary” dükany açyldy
“Türkmen halylary” dükanynda ýerleşdiriljek eksport önümleri TSTB-niň agzasy “Berkarar General Trading LLC” kompaniýasy tarapyndan üpjün ediler.

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde “Türkmen halylary” dükany açyldy. Geçen Ýekşenbe güni “Al Fattan Marine Towers” söwda merkezinde dabara bilen açylan bu dükanda ýüňden we ýüpekden dokalan türkmen halylarydyr sowgatlyk önümleri alyjylara hödürlenýär.

Açylyş dabarasynda Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Ýasmin” moda öýi tarapyndan taýýarlanan milli äheňli lybaslaryň hem görkezilişi boldy. Bu çärä Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary K.Mämmedowyň ýolbaşçylygynda Dokma senagaty ministrliginiň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdy.

Şeýle dükanyň dünýaniň esasy syýahatçylyk şäherleriniň birinde açylmagy ýerli haly öndürijileriň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agzalary tarapyndan açylan bu dükanyň tutýan meýdany 84 inedördül metre barabar. “Türkmen halylary” dükanynda ýerleşdiriljek eksport önümleri TSTB-niň agzasy “Berkarar General Trading LLC” kompaniýasy tarapyndan üpjün ediler.

Bu dükan öňümizdäki ýyl Dubaýda geçiriljek “EXPO – 2020” halkara sergisine türkmen telekeçileriniň taýynlygyny subut edýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022