Lebedew: Türkmenistanyň GDA başlyklyk etmegi üstünlikli alnyp barylýar

Lebedew: Türkmenistanyň GDA başlyklyk etmegi üstünlikli alnyp barylýar
GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew

Türkmenistanyň 2019-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) başlyklyk etmegi üstünlikli alnyp barylýar. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew GDA ýurtlarynyň hemişelik wekilleriniň ýygnagynyň öňýanynda habarçylara beýan etdi diýip, BELTA habar berýär.

“Türkmenistanyň GDA başlyklyk etmegi üstünlikli alnyp barylýar. Başlyklyk etmegiň çäklerinde geçen alty aýda Türkmenistanda we beýleki ýurtlarda birnäçe çäreler geçirildi. Aşgabatda GDA ýurtlarynyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň Forumyny, 31-nji maýda geçirilen hökümet Baştutanlarynyň Geňeşini mysal getirip bilerin” diýip, Sergeý Lebedew belledi.

Anna güni Minskde geçiriljek GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 82-nji mejlisine hem Türkmenistan başlyklyk eder. Onda GDA ýurtlarynyň hökümet resmileriniň innowasiýa, döwletara standartlar, saglygy goraýyş, bazardaky bäsdeşlik, energetika we himiýa senagatynyň ösüşi boýunça birnäçe resminamalara gol çekişmeklerine garaşylýar.

Ykdysady geňeş GDA-nyň çäklerinde durmuş-ykdysady ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi boýunça esasy ýerine ýetiriji guramadyr.

GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň we döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň ýygnagy oktýabr aýynyň başynda Aşgabatda geçiriler.