154 müňe golaý ýerli kompýuter sowgat berler

154 müňe golaý ýerli kompýuter sowgat berler
2011-nji ýyldan bäri dowam edýän däp boýunça ýurdumyzda birinji synpa başlaýan her bir okuwça kompýuterler sowgat berilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-2020 okuw ýylynda birinji synpa kabul ediljek 153 müň 885 çagalar üçin öwrediji kompýuterleri satyn almak hakynda Karara gol çekdi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” habar berýär.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi “Agzybirlik tilsimaty” bilelikdäki kärhanasynda öndürilmegi meýilleşdirilýän 80 müň we bilelikdäki "Aýdyň gijeler" hojalyk jemgyýetinde öndürilmegi meýilleşdirilýän 73 müň 885 ýerli öwrediji kompýuter satyn alar.

Bu kompýuterleriň tehniki görkezijileri, içki programma üpjünçiligi has-da kämilleşdirilip, ekranyň ölçegi ulaldyldy.

2011-nji ýyldan bäri dowam edýän däp boýunça ýurdumyzda birinji synpa başlaýan her bir okuwça kompýuterler sowgat berilýär.

2022