"Saglyk-2019" sergisine 200-den gowrak kompaniýa gatnaşar

"Saglyk-2019" sergisine 200-den gowrak kompaniýa gatnaşar
Sergide dünýäniň 40-dan gowrak döwletinden meşhur kompaniýalaryň 200-den gowragynyň ýörite enjamlary görkeziler.

Ýurdumyzda “Saglyk–2019” atly halkara sergä we ylmy maslahata taýýarlyk görülýär. Forum Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanylyp, 20 – 22-nji iýulda geçiriler diýip, “Türkmenistan: Altyn asyr” habar berýär.

Sergide dünýäniň 40-dan gowrak döwletinden meşhur kompaniýalaryň 200-den gowragynyň ýörite enjamlarynyň we degişli önümleriniň nusgalary, derman serişdeleri hem-de ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň we daşary ýurtly hyzmatdaşlarynyň gazanan üstünlikleri görkeziler. Maslahatyň işi häzirki zaman lukmançylygy ösdürmegiň dürli ugurlaryna we geljegine bagyşlanan bölümler boýunça geçiriler. Oňa dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan görnükli alymlaryň we professorlaryň, daşary ýurtlaryň ýokary lukmançylyk okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de daşary ýurtlaryň birnäçesiniň saglygy goraýyş edaralarynyň we pudaklaýyn ministrlikleriniň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek barada Ähtnamalaryň hem-de Ylalaşyklaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak we gol çekmek göz öňünde tutulýar.

2022