Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystan Respublikasyna sapar edýär

Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystan Respublikasyna sapar edýär

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 23-nji iýunda iş sapary bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna bardy. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Tatarystan Respublikasynyň baýdaklary bilen bezelen Kazanyň halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Liderini Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow gyzgyn garşylady. Bu sapar Prezident Minnihanowyň çakylygy boýunça amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Prezidentini garşylamaga gelenleriň arasynda Tatarystanyň Döwlet Geňeşiniň başlygy Farid Muhametşin, Tatarystan Respublikasynyň premýer-ministri Alekseý Pesoşin, Kazanyň häkimi Ilsur Metşin we Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary hem bar.

2022