Täze benzin zawody TIGAS tehnologiýasyny dünýä tanatdy

BT
Täze benzin zawody TIGAS tehnologiýasyny dünýä tanatdy
TIGAS tehnologiýasyny ygtyýarlandyrmak boýunça ikinji şertnamany amerikaly bir kompaniýa bilen baglaşandyklaryny brifinge gatnaşyjylara bildirildi.

TIGAS tehnologiýasy esasynda açylan Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawod “Haldor Topsoe” kompaniýasy üçin täze şertnamalaryň başlangyjy boldy. Bu barada “Mizan” täjirçilik merkezinde geçirilen brifingde kompaniýanyň ygtyýarlandyryş boýunça uly menejeri Rikard Wannbi aýtdy.

Geçen asyryň 80-nji ýyllarynda nebitgaz pudagy bilen bagly tehnologiýalaryň üstünde işläp başlandyklaryny bellän Rikard Wannbi “Haldor Topsoe” kompaniýasynyň işläp taýýarlan tehnologiýasyny bütin dünýä görkezýändigi üçin “Türkmengaz” döwlet konsernine sag bolsun aýtdy.

R.Wannbi gazhimiýa pudagynda göni ulanyjylara niýetlenen önümi çykarýan ulgamyň seýrek gabat gelýandigini belläp, TIGAS tehnologiýasyny ygtyýarlandyrmak boýunça ikinji şertnamany amerikaly bir kompaniýa bilen baglaşandyklaryny brifinge gatnaşyjylara mälim etdi.

“Haldor Topsoe” kompaniýasy 2018-nji ýylyň başynda “IGС Methanol LLC” kompaniýasy bilen ýyllyk 1,8 million tonna metanol öndürmäge kuwwaty bolan zawodyň inženerçilik işleri boýunça şertnama baglaşdy. ABŞ-nyň Luiziýana ştatynda guruljak bu zawodda TIGAS-yň bir ugry bolan SynCOR tehnologiýasy ornaşdyrylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022