“Rysgal” banky täze kartyny müşderilerine hödürleýär

BT
“Rysgal” banky täze kartyny müşderilerine hödürleýär

Türkmenistanyň hususy banky bolan “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky “Mastercard” halkara kompaniýasy bilen bilelikde müşderilerine ilkinji “Maestro” kartyny hödürlemäge başlady. Milli pulda aýlyk zähmet hakyny geçirmäge niýetlenen bu karty töleg terminalyna ýerleşdirmezden, bir gezek degirmek arkaly töleg geçirip bolýar. Türkmenistanda ilkinji gezek ulanylýan bu tehnologiýa pul geçirimleriniň howpsuz we çalt amala aşmagyna mümkinçilik döredýär.

Halkara tejribede “Mastercard” kompaniýasy galtaşyksyz töleg tehnologiýasyny bir gezekde ortaça 50 amerikan dollaryna çenli bolan söwdalarda ulanmaga rugsat berýär.

“Mastercard” bilen hyzmatdaşlyk

Ýanwar aýynyň 11-ne geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň “Mastercard” halkara töleg ulgamynyň agzalygyna girmegine görülýän taýýarlyk işleri barada aýdylyp, bu ulgamyň töleg kartyndan peýdalanýanlara niýetlenen halkara töleg kartlarynyň milli nusgalary döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenipdi.

Bank “Mastercard” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda Platinum, Gold, Standart, Sowgat we Wagtlaýyn töleg kartlaryny hem hödürleýär.

2022