“Gazyk” – Türkmenistanda ilkinji hususy nebit-gaz kompaniýasy

BT
“Gazyk” – Türkmenistanda ilkinji hususy nebit-gaz kompaniýasy
“Gazyk” nebit we gaz ýataklarynda taslamany yerine yetirmek, inženerçilik, buraw işleri we daş töweregi goramak ugurlarynda çözgütler hödürleýär.

Türkmenistanda hasaba alnan ilkinji hususy nebit-gaz “Gazyk” kompaniýasy Hazar sebitinde we Merkezi Aziýa ýurtlarynda hyzmatlar hödürleýär. Ýerli nebit-gaz bazarynda özlerini öňdebaryjy hasaplaýan kompaniýa her bir wezipäni dogry we ýitgisiz tamamlamaga çalyşýar. Halkara tejribeli hünärmenler bilen bir hatarda ýokary hilli enjamlary ulanmak arkaly müşderileriniň isleglerini ýokary derejede kanagatlandyrmagy maksat edinýär; müşderiniň üstünligini özleriniň üstünligi hasaplaýar. 

“Gazyk” kompaniýasy nebit we gaz ýataklarynda taslamany yerine yetirmek, inženerçilik, buraw işleri we daş töweregi goramak ugurlarynda çözgütler hödürleýär.

Dürli görnüşli meseleler daşky gurşawyň durnuklylygyna täsir ýetirýär. “Gazyk” kompaniýasy daş-töweregiň hapalanmagyna sebäp bolýan täsirleri azaltmak we öňüni alyş çärelerini gurnamak işlerini alyp barýar. Müşderilerini durnukly ösüş bilen üpjün edýän we innowasion hyzmatlary hödürleýän kompaniýa hapalanan ýerlere, nebit ýataklaryna amatly çözgütler getirýär.

“Mawy Kenar” bilelikdäki kärhana

2018-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen “Türkmennebit” döwlet konsernine Balkan welaýatynyň çäklerinde nebit bilen hapalanan meýdanlary arassalamak barada “Mawy kenar” bilelikdäki kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

“Türkmennebit” döwlet konserni bilen “Mawy Kenar” bilelikdäki kärhanasynyň arasynda baglaşylan 15 ýyllyk şertnamanyň esasy maksady öňki buraw işleriniň geçirilen ýerlerindäki çägeleri we geologiki syzmalary arassalamak arkaly yerleri dikeltmek bolup durýar.

“Mawy Kenar” bilelikdäki kärhanasynyň döredilmegine “Gazyk” kompaniýasy bilen bir hatarda kanadaly “Benel Technical Services” kompaniýasy we “Hazar Balyk” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti gatnaşdy. Bu kärhanada “Gazyk” kompaniýasy esasy dolandyryjy hökmünde çykyş edýär. Taslama Türkmenistandaky iň uly ekologik arassaçylyk işleriniň biri bolup, “Gazyk” kompaniýasy üçin ýokary derejeli şertnamadyr.    

Halkara we ýerli bazarda gazanan tejribesini Hazar we Merkezi Aziýa sebitinde ýerine ýetirýän işlerinde ulanmagy maksat edinýän “Gazyk” kompaniýasy 2018-nji ýylda geçirilen Türkmenistanyň 9-njy halkara gaz kongresiniň platina hemaýatkäri boldy.