“Akylly Tilsimat” telekeçileriň halkara hyzmatdaşlygyna goldaw berýär

BT
“Akylly Tilsimat” telekeçileriň halkara hyzmatdaşlygyna goldaw berýär
"Akylly Tilsimat" HJ-niň direktory Mähri Ahmedowa

“Akylly Tilsimat” hojalyk jemgyýeti türkmen telekeçilerine kompaniýalaryny Gruziýada hasaba goýmaga ýardam berjek kätipçilik işini ýerine ýetirer. Telekeçiler üçin täze eksport ugruny döretjek bu hyzmat barada hojalyk jemgyýetiniň internet sahypasynda maglumat berilýär.

Maglumatda, “Akylly Tilsimatyň” täze hyzmatyny hödürlemek bilen türkmenistanly telekeçileriň halkara hyzmatdaşlygyny artdyrmaga goşant goşmagy maksat edinýändigi aýdylýar.

“Akylly Tilsimat” HJ-niň direktory Mähri Ahmedowa “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren beýanatynda, “Gruziýada telekeçilik ulgamynda iş alyp barýan taraplaryň özleri bize ýüz tutdy. Olar türkmen telekeçileri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga isleg bildirdiler. Häzirki wagtda Gruziýa bilen gatnaşyklary ýola goýmak isleýän türkmen telekeçilerini şol ýurtdaky hyzmatdaşlarymyza ugrukdyrýarys hem-de mesele bilen bagly kätipçilik we maslahat beriş işlerini alyp barýarys. Ýagny, hyzmatdaşlarymyza ugur saýlamaga we resminamalary taýýarlamaga ýardam berýäris” diýdi.

“Akylly Tilsimat” Türkmenistanda telekeçiler we kompaniýalar üçin durnukly işewür gurşawy döretmek we olaryň dünýä bazaryna çykmagyny üpjün etmek ýaly ugurlar boýunça hyzmatlar hödürleýär. Bu hojalyk jemgyýeti iýun aýynyň başyna dünýäniň iň uly sergi gurnaýjy kompaniýasy “Messe Frankfurt” bilen resmi hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşyga gol çekişdi.

“Akylly Tilsimat” HJ täze täjirçilik pikirlerini durmuşa geçirmäge ýardam berýän “Men Telekeçi” taslamasyny hem ýola goýdy. Bu taslamanyň ilkinji forumy 16-njy aprelde geçirildi.

Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara söwda ulgamynda beýleki döwletleriň iň gowy tejribesini özleşdirmek üçin daşarky bazarlaryň isleglerini hem-de mümkinçiliklerini öwrenmegiň, şeýle hem beýleki ýurtlarda Türkmenistanyň Söwda öýleriniň sanyny köpeltmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Amatly ulag ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän ýurdumyzyň dünýäniň ähli döwletleri bilen diýen ýaly ykdysady we söwda gatnaşyklaryny ösdürmegi üçin örän gowy şertler bar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

2022