Kuban önümlerini Türkmenistana eksport etmek mümkinçiligi maslahatlaşyldy

Kuban önümlerini Türkmenistana eksport etmek mümkinçiligi maslahatlaşyldy
Türkmenistanda Russiýanyň Söwda wekili bilen geçirilen duşuşykda Krasnodar ülkesiniň wekiliýetiniň 2019-njy ýylyň awgust aýynda Awazada geçiriljek birinji HYF gatnaşmagy barada aýdyldy.

8-11-nji iýul aralygynda Ýekaterinburg şäherinde geçirilen “INNOPOM-2019” Halkara senagat forumynda Kubandan Türkmenistana önümleri üpjün etmek mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Bu barada Krasnodar administrasiýasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Forumda taraplar daşary ýurt bazarlarynyň islegleri we Krasnodar ülkesiniň harytlary ýetmezçilik edýän ýerleri, şeýle hem kuban harytlaryny Türkmenistana, Awstriýa, Azerbaýjana, Täjigistana we Abhaziýa eksport etmek mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.

Russiýanyň Türkmenistandaky söwda wekili bilen geçirilen duşuşykda Krasnodar ülkesinden wekiliýetiň 2019-njy ýylyň awgust aýynda Awazada geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmagy barada aýdyldy. Wekiliýetiň saparynyň dowamynda, hyzmatdaşlygy ýola goýmak, hyzmatdaşlary gözlemek we iki ýurduň arasynda eksport şertnamalaryny baglaşmak boýunça meseleler gozgalar.

Krasnodar günorta Russiýanyň ykdysady merkezidir. Forbes žurnaly Krasnodara Russiýada biznes etmek üçin iň gowy şäher hökmünde baha berip gelýär. Bu şäheriň senagat pudagy 130 sany uly we orta göwrümli kärhanalardan ybaratdyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022