Iýul aýy balaryçylar üçin iň gyzgalaňly möwsümleriň biri. Ýandak, gowaça ýaly esasy bal beriji ösümlikleriň gülleýän döwründe bal almak, jöwzaly günlerde balary maşgalalaryna talabalaýyk ideg etmek bu ugurda yhlas edýän işewürleriň möhüm wezipesidir.
Balarylar ösümlikleriň güllerini tozanlandyrmada, gymmatly azyk önümlerini öndürmekde uly ähmiýete eýedir. Olardan ary balyny, mumy, ary zäherini, ary şepbigini (propolis), tozanjyk, ene ary süýdüni görkezmek bolar. Bu önümler möhüm dermanlyk, berhizlik, wesmeçilik serişdesi hökmünde giňden ulanylýar. Ary balyny yzygiderli ulanýan adamlar aňsat kesellemeýärler. Sebäbi ol witaminleriň aglabasyny özünde jemleýär, immun ulgamymyzy berkitmäge ýardam edýär.
Balaryçylyk bilen meşgullanýan işewürleriň hatarynda Lebap welaýatyndan telekeçi Öwezmyrat Penjiýewi, Daşoguz welaýatyndan Islam Ýakubowy görkezmek bolar. Olar şu günler ekologiýa taýdan arassa, derde derman önümiň ýüzlerçe kilogramyny ýygnap, balary maşgalalaryna ideg edýärler.
Balaryçy telekeçiler Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guralýan forumlara yzygiderli gatnaşyp, öndürýän ary balynyň dürli görnüşlerini we beýleki önümlerini görkezýärler.
Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bal öndürýän arylary köpeltmek, idetmek üçin şertleri döretmek we tozanlandyrmak üçin olary peýdalanmak, balaryçylyk önümlerini öndürmegi ösdürmek, bal öndürýän arylary goramak, olaryň genofonduny aýap saklamak we gowulandyrmak, balaryçylyk önümlerini öndürmegiň tehnologiýalaryny kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.