Türkmen kompaniýalary Ak bugdaý etrabynda täze oba gurýarlar

Türkmen kompaniýalary Ak bugdaý etrabynda täze oba gurýarlar

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap obanyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar.

Nusgalyk obada gurulmaly bir gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 400-siniň gurluşyk işleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agzalary bolan «Rysgally zähmet», «Nurdan dag», «Kämil ymarat», «Dana gurluşyk» hususy kärhanalary, «Watana hyzmat» hojalyk jemgyýeti, şeýle- de «Buýsanç» çagalar medeni dynç alyş, hyzmat ediş we gurluşyk söwda kärhanasy tarapyndan ýerine ýetirilýär.

Ezber elli gurluşykçy hünärmenler ýaşaýyş jaýlary bilen birlikde, bilim-terbiýeçilik ojaklarynyň binalarynyň, saglyk öýüniň gurluşygyny ýokary hilli alyp barmak ugrunda yhlaslylyk görkezýärler.

Ak bugdaý etrabynyň çäginde täze obany gurmak üçin 108 gektar ýer bölünip berildi. Geçen ýyl düýbi tutulan täze obada 2 müň adamyň ýaşamagyny üpjün etmek maksat edinilýär.

2022