USAID türkmen telekeçileri bilen miweçilik tejribelerini paýlaşdy

USAID türkmen telekeçileri bilen miweçilik tejribelerini paýlaşdy
Eksport güýji ýokary bolan miweleri durnukly ýagdaýda ösdürmek boýunça wajyp usul we tilsimatlary seminara gatnaşyjylar bilen paýlaşdy.

Çarşenbe güni Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş boýunça guramasy (USAID) Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi (TSTB) bilen bilelikde miweli baglaryň eýeleri hem-de agronomlar üçin miweli baglaryň önümçiligi boýunça seminar geçirdiler.

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň metbugat beýanatyna görä, USAID-iň bagbançylyk boýunça maslahatçysy ülje, alma we üzüm ýaly eksport güýji ýokary bolan miweleri durnukly ýagdaýda ösdürmek boýunça wajyp usul we tilsimatlary seminara gatnaşyjylar bilen paýlaşdy. USAID we TSTB miweli baglary ösdürip ýetişdirýänleri iň gowy bagbançylyk tejribeleri bilen üpjün edip, Türkmen öndürijileriň we täze bazarlaryň arasynda durnukly aragatnaşyk gurmagy maksat edinýärler.

Türkmenistan boýunça USAID-iň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän jenap Daniel WerŞneýder seminaryň gatnaşyjylaryna ýüzlenip: “Bagbançylyk, Türkmenistanyň ykdysadyýeti üçin wajyp pudak we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde USAID, ýerli daýhanlar tarapyndan öndürilýän miwe we bakja önümleriň hilini we mukdaryny gowylandyrmak, eksport güýjüni ýokarlandyrmak we oba ýerlerde täze iş orunlaryny döretmek üçin daýhanlara täze usul we tilsimatlary geçirmäge taýýardyr” diýip belläp geçdi.

Seminar USAID-iň Bäsleşige ukyplylyk, Söwda we Täze iş orunlary döretmek (CTJ) taslamasynyň çäklerinde gurnaldy. USAID-iň CTJ taslamasy, bäş ýyllyk bolup, onuň maksady Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň eksport ukybyny kämilleşdirmek, miwe we bakja pudagynda täze iş orunlary döretmek hem-de ulag we logistika hyzmatlaryny güýçlendirmek bolup durýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022