“Röwşen – Rahym” guşçulyk we ýyladyşhana toplumlarynda işlerini ilerledýär

“Röwşen – Rahym” guşçulyk we ýyladyşhana toplumlarynda işlerini ilerledýär
Toplumda towuklary idetmäge niýetlenen inkubatoryň dördüsi bolup, şolarda towugyň 100 müň sanysyny saklamaga mümkinçilik bar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň “Röwşen – Rahym” daýhan hojalygynyň alyp barýan işleri barha ilerleýär. Kaka etrabynyň Gozgan geňeşliginiň çäginde ýerleşýän bu daýhan hojalygy guşçulyk, şeýle-de ýyladyşhana toplumlarynyň işi bilen meşgullanýar.

Daýhan hojalygyň döwrebap guşçulyk toplumynda loman tohumly towuklar idedilýär. Towugyň bu görnüşi ýumurtga berijiligi bilen tapawutlanýar. Toplumyň çäginde towuklary idetmäge niýetlenen inkubatoryň dördüsi bolup, şolarda birbada towugyň 100 müň sanysyny saklamaga mümkinçilik bar.

Häzirki wagtda ol ýerde Eýrandan we Türkiýeden getirilen towugyň 92 müňüsi idedilýär. Olaryň her biri 90 hepdäniň dowamynda 400-e çenli ýumurtga bermäge ukyplydyr. Guşçulyk toplumynyň önümleri paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň söwda nokatlarynda ilata elýeterli bahadan ýetirilýär.

Ýyllyk kuwwaty 30 million ýumurtga we 80 tonna guş etini öndürmäge niýetlenen toplumda towuklary iýmlemek, suwa ýakmak, arassaçylyk işleri awtomatiki usulda alnyp barylýar. 5 gektar meýdanda gurlan guşçulyk toplumynda ýaşlaryň 30-a golaýy zähmet çekýär. Daýhan hojalygyna guşçulyk toplumyny alyp barmak üçin bölünip berlen meýdanyň 100 gektary ot-iýmlik ekinlerini ýetişdirmäge niýetlenen bolup, onda degişli ekinler ekilýär.

Daýhan hojalygynyň ýyladyşhana toplumynda ekologiýa taýdan arassa gök önümler ilatyň saçagyna bereket goşýar. Häzirki wagtda 5 gektar meýdany eýeleýän ýyladyşhana toplumynda pomidoryň bereketli hasyly ýetişdirilýär. Dünýäniň meşhur kompaniýalarynyň enjamlaryndan, iň kämil innowatiw tilsimatlaryndan peýdalanyp gurnalan täze ýyladyşhanada pomidordan başga-da, gök we bakja önümleriniň dürli görnüşlerini ýetişdirmek üçin ähli şertler bar.

Ýyladyşhananyň howa ulgamy, ýagny çyglylygy, kömürturşy gazy we ýagtylygy ýörite gurnalan akylly kämil tilsimatlar arkaly sazlanýar. Ýyladyşhana üçin gerek mukdardaky şitil hem onuň çäginde ýerleşýän, 720 inedördül metre barabar meýdany eýeläp oturan şitilhanada ýetişdirilýär.