114 ýaşly käriz hereketde

114 ýaşly käriz hereketde

Taryhy çeşmelerden göz ýetirip bolşy ýaly, ýurdumyzyň dag eteklerinden çeşmeleriň gözbaşynyň amatly ýerleri seçilip alnypdyr. Şol ýerden hem ýerasty kärizler gazylypdyr. Kärizler ilaty agyz suwy hem-de keremli toprakdan guşgursak ak bugdaýyň, arpanyň, jöweniň bol hasylyny almaga niýetlenipdir.

Suw ynsan üçin ýaşaýşyň gözbaşy hasaplanýar. Ata-babalarymyz muňa doly akyl ýetirip, suwy gözüň göreji dek aýawly saklapdyrlar. Deňiz derejesinden 345-350 metr beýiklikde ýerleşen Mary welaýatynyň Serhetabat etrap merkeziniň gündogar tarapyndan 1905-nji ýylda düýbi tutulan käriz 114 ýyldan bäri ilata hyzmat edip gelýär.

Bu güne çenli dürli wakalary başdan geçiren gojaman käriziň suwy egsilenok. Häzirki wagtda etrap merkeziniň 673 hojalygyny agyz suwy bilen üpjün edip gelýän käriz gije-gündiziň dowamynda 240 kub suwy çykarýar. Kärizden akyp gelýän suw 2 sany 500 kubluk howza guýup, ilaty agyz suwy bilen üznüksiz üpjün edýär. Ýerli ilat bu kärize “Bereket çeşmesi”, “Keremli käriziň keramaty” diýýär.

Häzirki güne çenli käriziň iç-daşynda abatlaýyş işleri geçirilip gelinýär. Serhetabat jaý-ulanyş bölüminiň käriz desgasyna jogapkär hünärmenleri oňa eýeçilik gözi bilen seredip, bu gadymy käriziň çeşme suwunyň şildiräp akyp durmagyny saklamaga jogapkärli çemeleşýärler. “Maksadymyz agyz suwunyň kadaly akyp durmagyny gazanmak” diýip, etrap jaý-ulanyş bölüminiň käriz hojalygynyň ýolbaşçysy belleýär.

2022