“Lezzetli Miwe” 100 gektar ýerden ilkinji hasylyny ýygnaýar

“Lezzetli Miwe” 100 gektar ýerden ilkinji hasylyny ýygnaýar

Türkmenistanda oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan maksatnama laýyklykda, birnäçe ýyl mundan öň dürli künjeklerden Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna miwe baglaryny ekmek üçin müňlerçe gektar ýer bölünip berildi. Häzirki gün bu baglar üzümiň, almanyň, erigiň, armytyň, garalynyň, beýiniň, şetdalynyň bol hasylyny berýär.

“Lezzetli miwe” hojalyk jemgyýeti hem miweçilik bilen meşgullanýan hususy ekerançylaryň biri bolup durýar. Bu hojalyk jemgyýeti 2016-njy ýylda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň “Hiwat” daýhan birleşiginde 100 gektarlyk ýeri işläp, miwe baglaryny ýetişdirmäge başlady.

“Biz miwe bagyny döretmek we ösdürip ýetişdirmek üçin ýokary derejeli tehnologiýalary synag etdik, Türkiýeden biziň howa şertlerimize iň gabat geljek sortlary seçip aldyk, getirilen agaçlaryň biziň topragymyzda uýgunlaşmak ýagdaýyny synladyk, töwekgelçilikleri belledik, zyýanly mör-möjeklere garşy goranyş serişdeleri ulandyk. Biziň ýurdumyzyň tebigy şertleri ekologiki taýdan arassa, özleriniň tagamy we ýokumlylygy bilen belli bolan gök önümleri we miweleri ösdürip ýetişdirmek oňaýly, şol sebäpli hem harytlarymyza içerki we daşarky bazarlarda isleg uludyr” – diýip, telekeçi Nurýagdy Pirliýew belleýär.

Üstümizdäki möwsüm HJ-niň bagbanlary almanyň we şetdalynyň bol hasylyna garaşýar. Täze hasyl ýakyn wagtda ýygnalmaga başlanar.