Mekdep torbasyny dogry saýlamak okuwçynyň başarnygyna täsir edýär

BT
Mekdep torbasyny dogry saýlamak okuwçynyň başarnygyna täsir edýär
Okuwçylaryň adatça eginlerinde göterýän mekdep torbalarynyň dogry saýlanmagy ene-atalaryň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.

Okuw möwsüminiň başlanmagyna laýyk bir aý galdy. Bazarlarda çagasyny mekdebe taýynlaýan ene-atalaryň söwdasy gyzgalaňly dowam edýär. Sentýabr aýyndan başlap indiki tomusa çenli çagalaryň we ýetginjekleriň günleriniň agramly bölegi synp otaglarynda geçer. Bu döwürde ulanyljak esbaplar bolsa okuwçylaryň başarnygyna gönüden-göni täsir edýär. Şeýle esbaplaryň iň esasylarynyň biri bolsa mekdep torbalary bolup durýar.

Okuwçylaryň adatça eginlerinde göterýän mekdep torbalarynyň dogry saýlanmagy ene-atalaryň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Agramy, göwrümi we hili ýaly meseleler göz öňünde tutulman satyn alnan mekdep torbalary çaganyň we ýetginjegiň bedeninde dürli birahatlyklary döredip bilýär.

Bilermenleriň aýtmagyna görä mekdep torbalarynyň doldurulan görnüşindäki agramy çaganyň umumy agramynyň 10-20 göteriminden agyr bolmaly däldir. Mekdep torbasy saýlananda onuň ýeňil materialdan tikilendigine üns bermek maslahat berilýär. Şeýle hem olaryň yşygy serpikdirýän häsiýetiniň bolmagyna ähmiýet berilmelidir. Satyn alynmazyndan öňürti çaganyň egnine asyp, torbanyň göwrümini barlap görmek bolsa ýüze çykyp biljek birahatlyklaryň öňüni alar; torbanyň aşaky bölegi çaganyň bilinden ýokarda bolmalydyr.

Mekdep torbalarynyň egne asylýan kemerleriniň ini giň bolup, kadalaşdyrmaga uýgun bolmaladyr. Bu kemerlere we torbanyň arka bölegine ýumşak material ýerleşdirilen bolmagy okuwçynyň rahat hereket etmegini üpjün eder. Torbanyň dürli esbaplar üçin niýetlenen aýratyn jübileriniň bolmagy çaganyň ähli esbaplaryny aňsat tapmagyna kömek eder.

Şeýle hem mekdep torbasynyň giňligine üns berilmelidir. Has dar we göwrümi kiçi bolan torbalara gerekli kitapdyr depderler sygman biler, şol sanda, aşa giň bolan torbalar okuwçynyň gereginden artykmaç ýük götermegine sebäp bolmagy mümkin. Dogry mekdep torbasyny satyn almak üçin olaryň berkligi barlanmalydyr. Iç ýüzüni daşyna çykaryp, tikinleriniň hiline seredilip bilner. Şeýle hem syrmalarynyň düzüw we ýeňil işlemegi okuwçy üçin aýratyn rahatlyk döreder.

Esasan başlangyç synp okuwçylary öz halaýan reňklerinde ýa-da söýgüli multifilm gahrymanlary şekillendirilen mekdep torbalaryny saýlamaga meýilli bolýar. Şeýle ýagdaýda ene-atalaryň ýokarda agzalan aýratynlyklara görä torbany gözden geçirmekleri maslahat berilýär.