Zähmet rugsadyndaky milli Liderimiz sport we sungat bilen meşgullanýar

BT
Zähmet rugsadyndaky milli Liderimiz sport we sungat bilen meşgullanýar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsadynyň dowamynda sportuň dürli görnüşleri, saz sungaty we çeper döredijilik bilen meşgullanýar. Bu barada ýekşenbe güni milli teleýaýlymlaryň "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Dynç alyş günleri dowam edýän hormatly Prezidentimiziň welosiped bilen gezelenç edýän, şeýle hem özüniň Şapolat atly bedewi bilen didarlaşýan we onuň bilen ahal-teke atçylyk toplumynda gezim edýän pursatlary görkezildi.

Ýurdumyzyň harby güýçlerine gelip gowşan täze harby enjamlary synag eden hormatly Prezidentimiz nyşana ok atyp, ussatlygyny görkezdi. 

Milli Liderimiz Olimpiýa şäherçesinde welosipedli gezelenç etdi. Şonda Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew şäherçäniň desgalarynyň saklanylyşy, netijeli peýdalanylyşy barada alnyp barylýan işler boýunça hasabat berdi. Olimpiýa şäherçesinde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Ýaragly güýçleriniň ýolbaşçylary bilen birnäçe sport maşklaryny hem ýerine ýetirdi.

Dynç alyş günleriniň birinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ses studiosyna hem bardy. Bu ýerde aýdym-saz sungaty bilen meşgullanyp, agtygy Kerimiň täze döreden sazyny dürli saz gurallarynyň üsti bilen çalyp gördi. 

Şeýle hem, milli Liderimiz Kuwwatly sport ulagynda Garagum sährasynyň çylşyrymly ýollarynda menzil aşdy. Ogly Serdar bilen bilelikde käbir esasy enjamlaryny gurnan bu ulagynda döwlet Baştutanymyz dünýä meşhur Garagumyň ýalkymynyň töwereklerinde hem gezim etdi.

Dynç alyş günleriniň dowamynda hormatly Prezidentimiz türkmen alabaýlary hakyndaky kitabyny ýazyp gutardy we ony neşir etmäge iberdi. Täze kitapda türkmen alabaýlarynyň halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri hakyky dosty bolup gelýändigi baradaky gyzykly maglumatlara, olara dünýä alymlarynyň beren ünsi baradaky maglumatlara möhüm orun berilýär. 

2022