“Mährem ogul” dürli görnüşli çaphana hyzmatlaryny hödürleýär

“Mährem ogul” dürli görnüşli çaphana hyzmatlaryny hödürleýär
Çaphana hyzmatlaryna ýöriteleşdirilen bu kärhana dürli döwlet edaralaryna, şol sanda telekeçi taraplara yzygiderli öz hyzmatlaryny hödürleýär

“Mährem ogul” hususy kärhanasy 2016-njy ýylyň noýabr aýyndan bäri hereket edýär. Çaphana hyzmatlaryna ýöriteleşdirilen bu kärhana dürli döwlet edaralaryna, şol sanda telekeçi taraplara yzygiderli öz hyzmatlaryny hödürleýär.

Bu kärhananyň ýolbaşçysy Zaman Jumamyradow “Biznes Türkmenistan” internet neşirine “Mährem ogul” kärhanasynyň iş ugurlary barada maglumat berip: “Biziň kärhanamyz telekeçiler bilen bir hatarda döwlet edaralary bilen hem ýakyndan işleşýär. Muňa mysal hökmünde “Türkmenstandartlary” döwlet gullugyny görkezmek bolar. Çaphana we mahabat hyzmatlary üçin ýüz tutan taraplaryň isleglerini kanagatlandyrmaga çalyşýarys. Çap etmek, jiltlemek we tikmek ýaly hyzmatlary berýäris. Eger çap edilmeli önümiň taýyn dizaýny ýok bolsa, müşderiniň islegine görä dizaýn hem edip berýäris” diýdi.

“Mährem ogul” hususy kärhanasynyň iş ugurlaryna şöhlat önümleriniň gaplarynyň bezegini taýynlamak we çap etmek, süýt önümleriniň, taýýar azyk önümleriniň, ýuwujy serişdeleriň we başgada birnäçe gaplara ýelmenilýän etiketkalary çap etmek girýär. Üstümizdäki ýylyň başyndan bäri bu kärhana “Ahal” haryt nyşanly ýaglaryň etiketkalaryny çykarmaga başlady.

Kärhananyň müşderileriniň arasyna Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlary hem girýär. Mundan başga-da “Gurban Dag” şöhlatlary, “Daşoguz” döwlet lomaý söwda firmasy, “Täze aý” hususy kärhanasy, “Bereketli” hojalyk jemgyýeti, “Elin” haryt nyşanly süýt önümleri, “Süýt” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, Ruhabat önümçilik söwda birleşigi, Türkmenistanyň Azyk senagaty assosiasiýasy, “Ak-ýaz” hususy kärhanasy, “Abadan” önümçilik kärhanasy, “Bereketli Hasyl” hojalyk jemgyýeti “Mährem ogul” hususy kärhanasynyň hyzmatlaryndan peýdalanýarlar. 

2022