Transhazar gaz geçirijisi: hyýaldan hakykata tarap

BT
Transhazar gaz geçirijisi: hyýaldan hakykata tarap
Hazarüsti gaz geçirijisi Hazar sebitinden Ýewropa ýurtlaryna tebigy gazy ibermäge niýetlenen “Günorta gaz geçelgesiniň” ulgamyna birleşdirilip bilinýär (Surat: TAP).

Göni maýa goýumlar bilen Transhazar gaz geçirijisini gurmagy teklip edýän ýewro-hytaý konsorsiumy halkara ekologik talaplary berk berjaý eder diýip, Germaniýada ýerleşýän “Edison Technologies” kompaniýasynyň baş direktory Edison Kasapoglu nygtaýar.

Konsorsiuma “Edison Technologies”, “MMEC Mannesmann GmbH” we “Air Liquide Global E&C Solutions” nemes kompaniýalary, şeýle-de “SINOPEC Engineering Group” hytaý kompaniýasy girýär.

Geçen hepde “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myratgeldi Meredow we Türkmenistanyň Prezidentiniň nebit-gaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ýagşygeldi Kakaýew bilen bolan duşuşykda konsorsiumyň wekili Edison Kasapoglu: “Türkmenistan halkara energiýa bazarynda öz ornuny berkitdi we soňky ýyllarda energiýa hyzmatdaşlygynyň hem-de bu ugurdaky gepleşikleriniň gerimini giňeltdi” diýip belledi.

Amatly maýa goýum şertleri

Şeýle-de Kasapoglu Türkmenistanyň amatly geosyýasy ýerde ýerleşýändigini, ýurtda uglewodorodlaryň baý gorlarynyň bardygyny we energiýa çeşmeleriniň daşary ýurtlara eksport ugurlaryny diwersifikasiýa etmek hem-de ýurdy senagatlaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň daşary ýurtlaryň iri maýa goýumlary üçin özüne çekiji ýagdaýy we meýdançany döredýändigini belledi.

Konsorsiumyň adyndan çykyş eden Kasapoglu Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda Hazaryň düýbünden uzynlygy 300 kilometr bolan gaz geçirijisini çekmek boýunça ägirt uly maýa goýum taslamasyny teklip etdi. Bu taslama zerur bolan guýulary burawlap, olary ulanyşa doly taýýar etmegi, Transhazar geçirijisine arassalanan gazy akdyrmak üçin zerur bolan gazy gaýtadan işleýän we gazy gysyjy desgalaryň taslamalaşdyrylmagyny we gurulmagyny hem öz içine alýar.

Germaniýaly işewür Ýewropa yklymynda energiýa howpsuzlygyny ýokarlandyrmak üçin Ýewropa Bileleşiginiň Transhazar gaz geçirijisiniň gurluşygyna we türkmen gazynyň ÝB-niň bazaryna iberilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

“Transhazar gaz geçirijisi Azerbaýjanyň kenaryna çekilenden soň, türkmen gazy ýa Transanatoliý gaz geçirijisiniň üsti bilen Türkiýä we ondan aňyryk Ýewropa ýa-da täze ugur boýunça goňşy ýurtlaryň ählisiniň talaplaryna we tekliplerine laýyklykda ÝB-niň serhedine çykyp biler” diýip, Kasapoglu aýtdy.

Şeýle-de ol konsorsiumyň öz maliýe serişdelerini taslama maýa goýmaga we öz maýa goýumlaryny geljekde gaz geçiriji ulanylmaga berleninden soň Ýewropa eksport ediljek gazyň üsti bilen hasaplaşmaga taýýardygyny belledi.

Konsorsium Transhazar gaz geçirijisi üçin başlangyç tehniki barlaglary geçirendigini we Ýewropa bazarynda tebigy gaza bolan talaby giňden öwrenendigini aýtdy.

Ekologik kadalara laýyklyk 

“Kompaniýa Hazar deňziniň düýbünden gaz geçirijisini çekende halkara şertnamalarda we Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly Konwensiýada berkidilen ekologik talaplary we ülňüleri berk berjaý eder” diýip, Kasapoglu ynandyrdy we suwasty gaz geçirijisiniň gurluşygy taslamalaşdyrylanda batimetriki, geofiziki we geotehniki derňewleriň, şeýle-de deňiz düýbüniň degişli ugurlaryna berilýän bahanyň, gaz geçirijiniň ugrundaky päsgelçilikleri ýok etmek zerurlygynyň göz öňünde tutuljakdygyny sözüniň üstüne goşdy.

“Ýüzüjilik, abatlaýyşa ýaramlylyk, içki we daşky poslamalardan goramak, geljekki ähtimal howplardan we zeperlerden goramak babatda bildirilýän talaplar hem berjaý ediler” diýip, Kasapogly aýtdy. “Konsorsium suwasty gaz geçirijisini meýilleşdirmek we durmuşa geçirmek bilen bagly ekologiki töwekgelçilikleriň ähli görnüşlerini üns merkezinde saklar”.

Konsorsium taslamanyň her tapgyrynda daşky gurşawa ýetirilýän täsire baha bermek boýunça ýörite barlaglary we okuw maslahatlaryny geçirmek arkaly ekologiki maksatlara ýetmegi göz öňünde tutýar. Kasapoglu şeýle çäreler halkara seljermesini geçirmek, şeýlelikde deňziň ekologik howpsuzlygy babatda hazarýaka ýurtlarynyň isleglerini kanagatlandyrmak üçin geçirilip bilner diýip hasaplaýar.

Konsorsiumyň wekili öz toparynyň ygtybarly hyzmatdaş we energiýa üpjünçisi Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny beýan etdi.

“Ähliumumy energiýa howpsuzlygyny berkitmek maksady bilen Transhazar gaz geçirijisiniň gurluşygy ýaly iri möçberli taslamany durmuşa geçirmek üçin bu ugurdaky ukyplarymyzy we köp ýyllyk iş tejribämizi paýlaşmaga taýýar” diýip, Kasapoglu aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar bu taslamany jikme-jik ara alyp maslahatlaşmak we Türkmenistandaky täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça häzirki we geljekki mehanizmleri öwrenmek maksady bilen ýakyn geljekde ýene duşuşyk geçirmek barada ylalaşdylar.

Hazar sebitinde tebigy gaza baý ýurtlaryň biri bolan Türkmenistan tassyklanan gaz gorlarynyň möçberi boýunça dünýäde dördünji orunda durýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022