Kazan dikuçar zawody bilen hyzmatdaşlyk netijelendirildi

BT
Kazan dikuçar zawody bilen hyzmatdaşlyk netijelendirildi
Rus zawody şertnama laýyklykda"Mi-17-1W" we "ANSAT" kysymly lukmançylyk üçin niýetlenen tiz kömek dikuçarlaryny Türkmenistana getirer.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Anna güni geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmethan Çakyýew birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde Kazan dikuçar zawodynyň öndürýän lukmançylyk dikuçarlaryny satyn almak barada degişli ylalaşyk gazanylandygy barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Kazan dikuçar zawodyna bolan gyzyklanmasy birnäçe ýyl bäri dowam edýär. 2012-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystana bolan saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň bu zawod bilen ykdysady hyzmatdaşlygy barada aýtdy. Bu saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti Kazan dikuçar zawodyna aýlanypdy.

Türkmen tarapynyň gyzyklanmalaryndan soňra bu zawodyň wekilleri 2016-njy ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda geçirilen türkmen-tatar işewürler maslahatyna gatnaşdy.

2018-nji ýylyň iýul aýynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tatarystana bolan nobatdaky saparynyň dowamynda Kazanyň dikuçar zawody Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek hem-de dikuçar parkyny döwrebaplaşdyrmak boýunça, düzüminde barmasy kyn sebitlerde gaýragoýulmasyz kömegi bermek üçin ulanylýan “Ansat” lukmançylyk dikuçary hem bolan, tekliplerini taýýarlady.

Kazan dikuçar zawody bilen hyzmatdaşlyga tarap esasy ädimleriň biri üstümizdäki ýylyň iýun aýynyň 23-ne Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tatarystan Respublikasyna eden iş saparynyň dowamynda amala aşyryldy.

Respublikanyň Prezidenti bilen senagat önümleri sergisine aýlanan Prezident Berdimuhamedow zawodyň “Ansat” lukmançylyk dikuçaryna aýratyn gyzyklanma bildirdi. Türkmenistanyň Prezidenti bu dikuçaryň Türkmenistanyň şertleri üçin uýgunlaşdyrylyp bilinjekdigini aýdyp, türkmen wekiliýetiniň degişli ýolbaşçylaryna bu meseläni öwrenmegi tabşyrdy.

Iýun aýynyň 25-ne Tatarystanyň hökümet binasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saparynyň netijeleri boýunça geçirilen birifingde Respublikanyň Senagat we söwda ministri Albert Karimow Kazan dikuçar zawodynyň Türkmenistana “Ansat” kysymly dikuçarlaryny satmagy göz öňünde tutýandygyny belläp geçdi.

1999-njy ýylda ilkinji prototipi uçurylan köpmaksatly “Ansat” dikuçarlary Döwletara awiasiýa komiteti (IAC) tarapyndan 2013-nji ýylda sertifikatlaşdyryldy. Bu dikuçarlaryň lukmançylyk maksatly ulanylýan görnüşiniň aglabasy Russiýa Federasiýasynyň degişli düzümlerinde ulanylýar. Şeýle hem 2018-nji ýylda Hytaýa 20 sany “Ansat” lukmançylyk dikuçarlaryny satmak boýunça şertnama baglaşyldy.

2022