“Rysgally el” 1,3 million dollarlyk maliýe goldawyny aldy

“Rysgally el” 1,3 million dollarlyk maliýe goldawyny aldy
Kärhananyň täzelenjek çaga arlyk zawody ýyllyk 40 million sany arlyk öndürmäge ukyply bolar.

Ýewropa Ösüş we Täzeleniş banky (ÝÖTB) “Rysgally el” hususy kärhanasyna çaga arlyklarynyň önümçiligini ýola goýmak üçin 1,3 million dollar karz berdi. Bankyň metbugat beýanatyna görä, “Rysgally el” kärhanasy maliýe goldawyny täze enjamlary ornaşdyrmak üçin ulanar.

Kärhananyň täzelenjek çaga arlyk zawody ýyllyk 40 million sany arlyk öndürmäge ukyply bolar.

ÝÖTB-niň Aşgabatdaky ofisinde geçirilen gol çekişlik dabarasynyň dowamynda bankyň Merkezi Aziýa sebiti boýunça jogapkäri Neýl MkKeýn: “ÝÖTB ýurduň önümçilik ulgamy üçin ähmiýetli bolan, import harytlarynyň ýerini tutýan önümleri hödürleýän ‘Rysgally el’ ýaly hususy kärhanalara goldaw bermekden örän şat” diýdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we jemgyýetçilik edarasynyň (UN DESA) maglumatyna görä, 2019-njy ýylda Türkmenistanda 120 müňden gowrak bäbek dogulmagyna garaşylýar.

Türkmenistanda hereket edip başlanyndan bäri 200-den gowrak kärhana biznes maslahatlaryny beren ÝÖTB umumylykda 70 taslama 272 million ýewro maliýe serişdesini goýberdi.

2022