Türkiýäniň "Erco" boýaglarynyň Türkmenistandaky resmi dileri ýurduň ähli welaýatlarynda öz brendiniň şahamçalaryny açandygyny mälim etdi. "Erco"-nyň önümleri türkmen bazaryna geçen ýyl girdi.
Brendiň Türkmenistandaky esasy müşderileri ofis we öý mebellerini, naharhana we aşhana stollaryny, agaç gapylary we bezeg önümlerini öndürijilerdir. Şeýle hem "Erco" özüniň sintetiki boýaglaryny, parket laklaryny we suwa çydamly laklaryny türkmen gurluşyk harytlary bazaryna bäsleşige ukyply bahalar bilen hödürledi.
Stambul merkezli "Ece Boya" kompaniýasynyň brendi "Erco" Türkiýede boýag we örtük bazarynda öňdebaryjy markalaryň biridir. Ol özüniň giň müşderi toplumyny 2000-den gowrak önümler, şol sanda agaç we metal üçin laklar, şeýle hem senagat üçin gel örtükleri we boýag pastalary bilen üpjün edýär.
"Netijeli dolandyryş netijesinde, "Erco" hem bahasy, hem ýokary hili boýunça basleşige ukyplydyr. Biz bazary sazlamak hem-de yzygiderli hyzmat we goldaw bermek arkaly müşderilerimizi kanagatlandyrýarys" diýip, brendiň Türkmenistandaky wekili "Biznes Türkmenistan" internet-neşirine habar berdi.
"Erco"-nyň Türkmenistandaky wekiliniň beren maglumatyna görä, selýuloza gruntlary, selýuloza ýalpyldawuk we öçügsi ak reňkli boýaglar, akril boýaglary we poliuretan ak reňkli boýaglar iň köp isleg bildirilýän harytlar bolup durýar. Önümleriň agyrlygy 3 kilogramdan 12 kilograma çenli gaplarda müşderileriň isleglerine görä hödürlenýär.
"Biz importyň ornuny tutýan ýerli mebel öndürijilere goldaw berýändigimize juda begenýäris. Soňky 10 ýylda Türkmenistanda mebel önümçiligi senagaty çalt ösdi. Biziň toparymyz bu ýokary depginli bazaryň we ösýän senagatyň bölegi bolmakdan örän hoşaldyr" diýip, "Erco"-nyň wekili beýan edýär.
1982-nji ýylda esasandyrylan bu kompaniýanyň önümleri Germaniýa, Niderlandlar, Beýik Britaniýa, Ysraýyl, Fransiýa, Gresiýa, Saud Arabystany, Katar, Birleşen Arap Emirlikleri, Azerbaýjan, Russiýa we Şweýsariýa bilen bir hatarda dünýäniň 20-den gowrak ýurduna eksport edilýär.