“Ýaş telekeçileriň döwri” forumy 30-njy awgustda geçiriler

BT
“Ýaş telekeçileriň döwri” forumy 30-njy awgustda geçiriler

“Akylly tilsimat” hojalyk jemgyýeti 30-njy awgustda “Ýaş telekeçileriň döwri” atly forum geçirer. “Arçabil” myhmanhanasynda geçiriljek forum kompaniýanyň “Men Telekeçi” taslamasynyň çäklerinde gurnalar.

Forumyň esasy maksadynyň telekeçilik ulgamyna täze girýän kompaniýalary goldamak, ýaş höwesjeňleriň biznes ulgamyna goşulmagyny gazanmak, gelejegi aýdyň bolan telekeçilik pikirlerini ýüze çykarmak we durmuşa geçirmek bolup durýar diýlip, “Akylly tilsimat”-yň foruma çakylyk hatynda aýdylýar.

Çäräniň dowamynda gatnaşyjylara telekeçilik işini açmagyň ugurlary, ykdysadyýetde we biznesde marketing işleriniň ähmiýeti we dogry hünärmen saýlamagyň esaslary ýaly temalarda maglumat berler.

“Akylly Tilsimat” HJ täze täjirçilik pikirlerini durmuşa geçirmäge ýardam berýän “Men Telekeçi” taslamasynyň çäklerindäki ilkinji forumyny 16-njy aprelde geçirdi. Kompaniýa iýul aýynda bu taslamany has hem ösdürmek üçin Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasyndan maliýe goldawyny aldy.

2022