“Ýüpek” önümçilik birleşigi 34 million manatlyk önüm öndürdi

“Ýüpek” önümçilik birleşigi 34 million manatlyk önüm öndürdi
Kärhanada çig mal hökmünde Lebap welaýatynyň ähli etraplarynyň kabul ediş nokatlaryndan getirilen pile ulanylýar.

Türkmenabadyň “Ýüpek” önümçilik birleşigi şu ýylda ýygnalan pile hasylyny işlemeklige girişdi. Üstümizdäki ýylyň başyndan bäri 34 million 571 müň 719 manatlyk önüm öndüren kärhanada çig mal hökmünde Lebap welaýatynyň ähli etraplarynyň kabul ediş nokatlaryndan getirilen pile ulanylýar.

Ýene 10-12 ýyldan özüniň ýüz ýaşyny doldurjak bu kärhanada 1100-den gowrak işçi zähmet çekýär. Önümçilik birleşiginde halypa-şägirtlik gatnaşyklary hem mynasyp dowam etdirilip, ýaş hünärmenleriň 300-e golaýy zähmet çekýär.

Türkmenabadyň «Ýüpek» önümçilik birleşigi ilki diňe ýüpek egirýän önümçilik hökmünde işe girizilen hem bolsa, häzirki wagtda bu ýerde çig ýüpegiň, nah we ýüpekden dokalýan matalaryň, ýüpek el halylarynyň, ýüpek ýaglyklaryň, egin-eşikleriň dürli görnüşleri, keteniler we beýleki dokma önümleri öndürilýär. Kärhananyň önümleri Lebap welaýatynda ýerleşýän iki söwda dükanynda alyjylara ýetirilýär. 

1967-nji ýylda kärhanada ilkinji gezek emeli ýüplükden «Saryja» görnüşli matanyň bir million inedördül metri öndürildi. Häzirki wagtda Türkmenabadyň «Ýüpek» önümçilik birleşigi üç bölümden ybarat: egirme-dokma, pile kelepleýji we reňk-bezeg önümçilikleri. Kärhananyň boýag önümçiliginde Ýaponiýa döwletiniň «KIOTO» firmasynyň enjamlary ulanylýar. Önümçilik birleşiginde Fransiýa döwletiniň «Sakm» firmasynyň gül basýan, Germaniýa döwletiniň «Teksima» kompaniýasynyň bug gyzgyny bilen matanyň nagşyny, reňkini berkidýän enjamlary doly güýjünde işledilýär. 

 

2022