“Magnakron” kompaniýasy “Abadan haly” bilen hyzmatdaşlyga isleg bildirýär

“Magnakron” kompaniýasy “Abadan haly” bilen hyzmatdaşlyga isleg bildirýär

“Magnakron” kompaniýasy “Abadan haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen hyzmatdaşlyk etmäge uly isleg bildirýär. Kompaniýanyň sebitleýin işewürlik boýunça iş dolandyryjysy Adrian Leong Kar Fu Singapurda duşenbe güni geçirilen işewürler duşuşygynda bu barada beýan etdi.

Türkmen halylarynyň köpöwüşginli reňklerinden ybaratdygyny bellän singapurly işewür, bu reňkleriň özlerinde aýratyn gyzyklanma döredendigini aýtdy. Ol hususan-da, gyzyl reňke aýratyn ähmiýet berýändigini, türkmen halylarynyň aglabasynyň gyzyl reňkdedigini nygtady.

“Türkmenistan” gazetiniň geçiren söhbetdeşliginde Adrian Leong Kar Fu: “Hytaý Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça uly taslamany öňe sürýär. Ol taslama arkaly Hytaýy we Aziýa ýurtlaryny Ýewropa bilen baglanyşdyrmak göz öňünde tutulýar. Singapur Günorta – Gündogar Aziýada ýerleşýär. Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegi Türkmenistan bilen hem hyzmatdaşlyga giň ýol açar.” diýip belledi.

“Magnakron” kompaniýasy 1980-nji ýylda esaslandyryldy. Häzirki wagtda kompaniýanyň ABŞ-da, Meksikada, Braziliýada, Hytaýda we Filippinlerde bölümleri bar. Esasan, palma ýaglaryny öndürmek bilen meşgullanýan kompaniýanyň iýmit üçin, şeýle-de lukmançylyk serişdesi hökmünde giňden peýdalanylýan önümleri hem bar. Önümler Malaýziýa, Indoneziýa, Günorta Koreýa, Tailand, Filippinler, Wýetnam, Täze Zelandiýa, Awstraliýa ýaly ýurtlara eksport edilýär.