“Döwletli döwran” HJ toprak laboratoriýasynda “Sabo” kompaniýasynyň enjamlaryny ulanar

BT
“Döwletli döwran” HJ toprak laboratoriýasynda “Sabo” kompaniýasynyň enjamlaryny ulanar
“Sabo” barada maglumat beren Gurowanow: “Biziň kompaniýamyz gurluşyk materiallarynyň önümçiliginde ulanylýan enjamlaryny öndürýär” diýdi.

Aşgabatda geçirilýän “Türkmengurluşyk-2019” halkara sergisinde gurluşyk harytlaryny öndürýänler bilen bir hatarda şeýle harytlary öndürmek üçin niýetlenen enjamlary çykarýan kompaniýalar hem gatnaşýar. Şeýle kompaniýalardan gresiýaly “Sabo” eýýäm 35 ýyl bäri kerpiç we keramika önümlerini öndürýän zawodlary enjamlaşdyrýar. Bu barada kompaniýanyň adyndan sergä gatnaşýan, söwda bölüminiň hünärmeni Ýanis Gurowanow “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren beýanatyna aýtdy.

“Sabo” barada maglumat beren Gurowanow: “Biziň kompaniýamyz gurluşyk materiallarynyň önümçiliginde ulanylýan enjamlaryny öndürýär. Ýakynda gaplamak bilen meşgullanýan sehleriň awtomatlaşdyrmak işlerini hem ýerine ýetirmäge başladyk. Soňky 7 ýyl bäri zibilleri dolandyrmagyň tehnologiýasyny öndürýäris” diýdi.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Döwletli döwran” hojalyk jemgyýetiniň gurýan kerpiç zawodynda ulanyljak laboratoriýanyň “Sabo” tarapyndan üpjün edilendigini aýdan Gurowanow: “Bu kompaniýa kerpiç zawodyndan aýratyn häzirki zaman toprak barlaýjy laboratoriýa gurýar. Bu laboratoriýada biziň kompaniýamyzyň önümleri ulanylar” diýdi.

Gurowanow, serginiň dowamynda birnäçe telekeçiler we döwlet ýolbaşçylary bilen gürrüňdeş bolandygyny aýdyp, Türkmenistanyň bazarynda hyzmatdaşlygy artdyrmagy nazarlaýandyklaryny belläp geçdi.

2022