“Staron” türkmen bazaryndaky ornuny pugtalandyrmak isleýär

BT
“Staron” türkmen bazaryndaky ornuny pugtalandyrmak isleýär
Kim Türkmenistanda hem öz ýörite wekilleriniň bardygyny aýtdy.

Günorta Koreýanyň kompaniýasy “Lotte Advanced Materials”-yň “Staron” kysymly akril daşlary Türkmenistanda birnäçe mebel öndürijisi tarapyndan giňden ulanylýar. Kompaniýanyň sebit boýunça direktory Ýuriý Kim “Türkmengurluşyk-2019” halkara sergisiniň dowamynda bu barada "Biznes Türkmenistana" aýtdy.

Koreýada öndürilýän “Staron” akril daşlarynyň ekologiýa taýdan arassadygyna ünsi çeken Kim: “Häzirki wagtda Türkmenistanda birnäçe önümçilik bu daşlardan ulanýar. Biz Koreýada öndürilen daşlaryň satyş işlerini ýerine ýetirýäris” diýdi.

Kim Türkmenistanda hem öz ýörite wekilleriniň bardygyny aýdyp, serginiň dowamynda geçiren gepleşikleriniň netijesinde ýerli bazarda işjeňligi artdyrmagy maksat edinýändiklerini belledi.

“Staron” akril daşlary “Lotte Advanced Materials” tarapyndan 1992-nji ýylda işlenilip taýýarlandy. Esasan hem lýuks öý we iş ýeri bezeglerinde ulanylýan “Staron” akril daşlary ISO, NSF, and SCS sertifikatlaryny aldy. 

2022