“Asman Marketing” kompaniýasy “ýaşyl ofise” geçýär

“Asman Marketing” kompaniýasy “ýaşyl ofise” geçýär

Marketing, bezeg we çap işleri bilen meşgullanýan “Asman Marketing” kompaniýasy tebigata täsiri azaltmak maksady bilen “ýaşyl ofise” geçýär. Kompaniýanyň bu barada duşenbe güni ýaýradan beýanatynda “Asman Marketing” toparynyň durnukly ösüş maksatlaryny we ekologiýa taýdan arassa önümçiligi ähmiýetli hasaplaýandygy nygtaldy.

“Ýaşyl ofise” geçmek üçin ýola goýlan işleri 10 madda bilen beýan eden kompaniýa çap işlerinde ulanýan kagyzlarynyň 95 göterimini “Navigator” we “Mondi” ýaly FSC sertifikaty bolan, ekologiýa zyýansyz kagyz önümçiligini alyp barýan kompaniýalardan üpjün edýändiklerini belläp geçdi.

“Asman Marketing” kompaniýasy beýanatda içerki resminamalarda kagyz dolanşygynyň ýerine sanly ulgamy ulanýandyklaryna ünsi çekip: “Çap işlerinden galan kagyzlaryň 90 göteriminden gowragyny gaýtadan işlemäge tabşyrýarys. Şeýle hem çap enjamlarynda zyýansyz syýalary we kartrijleri ulanýarys” diýip, beýanata goşdy.

Kompaniýa ofisiň içinde ulanylýan ähli lampalaryň yşykdiodly lampalara çalşylandygyny aýdyp, ofisiň içinde we daşynda ýaşyl zolagy emele getirmek üçin işler alyp barýandyklaryny hem beýan edýär. 

2022