“Tebigat çeşmesi” Türkmenbaşy şäherinde hususy dermanhanasyny açdy

BT
“Tebigat çeşmesi” Türkmenbaşy şäherinde hususy dermanhanasyny açdy
Dermanhanada derman serişdeleriniň, lukmançylyk önümleriniň, anyklaýyş gurallarynyň we beýleki enjamlaryň söwdasyny guraýan bölümler ýerleşdirildi.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Kenar etrabynda “Tebigat çeşmesi” hususy kärhanasynyň dermanhanasy açyldy. Binanyň tutýan meýdany 366 inedördül metrden gowrak bolup, ilata derman serişdeleri bilen baglanyşykly hyzmatlary ýola goýýan ugurdaş desgalara bildirilýän ähli talaplara doly laýyk gelýär.

Dermanhananyň giň zalynda derman serişdeleriniň, lukmançylyk önümleriniň, anyklaýyş gurallarynyň we Türkmenistanda hem-de Ýewropa ýurtlarynda öndürilen beýleki enjamlaryň söwdasyny guraýan bölümler ýerleşdirildi.

Taslama laýyklykda, müşderilere, şol sanda hassahanalaryň lukmanlaryna we tiz lukmançylyk kömegi toparlaryna hyzmat edýän otaglar göz öňünde tutuldy. Şeýle hem bu ýerde arassalaýyş bölümi, ammar we beýleki desgalar bar.

Arakesmesiz we dynç günsüz işleýän dermanhananyň işgärler düzümi ýokary derejeli hünärmenlerden ybaratdyr. Munuň özi alyjylara zerur serişdeleri almaga däl-de, eýsem, gyssagly hem-de ýokary derejeli maslahatlary almaga mümkinçilik berýär. Bu ýerde şeýle hem sorag-jogap gullugyny döretmek meýilleşdirilýär.

2022