Türkmenistan HZG-nyň "Üçtaraplaýyn geňeşmeler hakyndaky Konwensiýasyna" goşuldy

BT
Türkmenistan HZG-nyň "Üçtaraplaýyn geňeşmeler hakyndaky Konwensiýasyna" goşuldy
"Türkmenistanyň HZG-nyň 144 belgili Konwensiýasyna goşulmagy bilen, Ilçi Atageldi Haljanowy kabul etmekden hoşal boldum" diýip, Halkara zähmet guramasynyň ýolbaşçysy Gaý Raýder ýazdy.

Duşenbe güni Türkmenistan "Halkara zähmet guramasynyň Üçtaraplaýyn geňeşmeler hakyndaky Konwensiýasyna" goşuldy. Bu habary guramanyň Baş direktory Gaý Raýder öz resmi Twitter hasabyndan yglan etdi.

Halkara zähmet kadalarynyň ulanylmagyna ýardam bermek boýunça "Üçtaraplaýyn geňeşmeler hakyndaky" Ýolbaşçylyk ediji Konwensiýa HZG-nyň 144 belgili Konwensiýasy diýlip hem atlandyrylýar. Ol 1976-njy ýylda kabul edilip, 1978-nji ýylyň 16-njy maýynda güýje girdi.

"Türkmenistanyň HZG-nyň 144 belgili Konwensiýasyna goşulmagy bilen, Ilçi Atageldi Haljanowy kabul etmekden hoşal boldum. Hökümetler, işe kabul edijiler we işgärleriň arasyndaky gatnaşyklar göwnejaý zähmete esaslanýan geljegi gurmak üçin juda ähmiýetlidir" diýip, Halkara zähmet guramasynyň ýolbaşçysy Gaý Raýder resmi beýanatynda belledi. 

HZG-nyň 144 belgili Konwensiýasynyň kabul edilmegi we durmuşa geçirilmegi oňa gatnaşýan döwletlerdäki hökümetlere, işe kabul edijilere we işçilere halkara zähmet kadalary boýunça özara geňeşmeleri geçirmäge şert döredýär.

"Üçtaraplaýyn geňeşmeler hakyndaky Konwensiýa" Türkmenistanyň mundan öň goşulan 9 sany HZG Konwensiýasynyň üstüni ýetirýär. Ol 2020-nji ýylyň 9-njy sentýabryndan başlap güýje girer.

Türkmenistanyň Mejlisi "Halkara Zähmet Guramasynyň 1976-njy ýylyň 'Halkara zähmet kadalaryny ulanmaga ýardam bermek boýunça üçtaraplaýyn geňeşmeler hakyndaky' 144-nji Konwensiýasyna goşulmak hakynda" karary şu ýylyň iýun aýynda kabul etdi.

2022