Lebapda import harytlarynyň ornuny tutjak hususy kärhanalar gurulýar

BT
Lebapda import harytlarynyň ornuny tutjak hususy kärhanalar gurulýar
Häzirki wagtda bu ulgamda ýüzlerçe iş orunlary döredilen kiçi önümçilikleriň ençemesi hereket edýär.

Lebap welaýatynda import harytlarynyň ornuny tutýan we eksporta ugratmaga gönükdirilen önümleri öndürýän kiçi we orta işewürligiň kärhanalaryny ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda bu ulgamda ýüzlerçe iş orunlary döredilen kiçi önümçilikleriň ençemesi hereket edýär.

Ýakyn ýyllarda Çärjew etrabynda gaplanan önümleri öndürýän häzirki zaman zawodyň, ýagtylandyryjy gurluşlar üçin paýlaýjy gutylary, alýumin aýna we gapy profillerini, polietilen turbalary, şeýle-de örtgi kerpiç öndürýän kiçi önümçilikleriň gurulmagy we ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulan.

Bezeg keramiki kerpiçi öndürýän kiçi zawodlar Gazojak şäherinde, Halaç, Dänew, Hojambaz, Saýat etraplarynda peýda bolar. Döwletli etrabynda bolsa her biriniň kuwwatlygy ýylda 50 müň tonna garyşyk gurluşyk materiallary bolan 2 önümçilik gurlar. Şu kiçi önümçilikleriň köpüsiniň gurluşygy eýýäm başlandy.

Şeýle hem Kerki etrabynda kuwwatlygy ýylda 10 müň tonna bolan tüwini arassalaýan we gaýtadan işleýän zawodyň gurluşygy ahyrky tapgyra geçdi. Köýtendag etrabynda ýylda 500 tonna guş etini we 2 milliondan gowrak ýumurtga öndürmäge niýetlenen häzirki zaman fermasy gurlar. Halaç we Saýat etraplarynda häzirki zaman mehanizmleşdirilen maldarçylyk toplumlarynyň gurluşygy alnyp barylýar.

2022