“Täze energiýa” Türkmenistanda gün panellerini öndürer

BT
“Täze energiýa” Türkmenistanda gün panellerini öndürer
Hydyrow: “Öňümizdäki günlerde Türkmenistanda aýnadan ýasalýan gün panelleriniň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýäris”

“Täze energiýa” kompaniýasy Türkmenistanda aýnadan ýasalýan gün panelleriniň önümçiligine başlar. Bu barada kompaniýanyň direktory Nury Hydyrow penşenbe güni “Biznes Türkmenistana” mälim etdi.

Aşgabatda geçirilýän energetika sergisiniň dowamynda kompaniýa barada maglumat beren Hydyrow: “Öňümizdäki günlerde Türkmenistanda aýnadan ýasalýan gün panelleriniň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýäris” diýdi.

Türkmenistanda gün energiýasy üçin gerekli bolan mümkinçilikleriň ýokarydygyny aýdan Hydyrow “Altyn asyr” Türkmen kölünde gün energiýasy stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýändiklerine ünsi çekdi. Hydyrow bu barada: “10 megawatlyk täze gün energiýasy stansiýasynyň taslamasyna ýakynda Hormatly Prezidentimiz gol çekdi. Şeýle hem Ahal welaýatynyň obalaryna gün panellerini ýerleşdirmegi meýilleşdirýäris” diýdi.

“Täze energiýa” kompaniýasy 2015-nji ýylda esaslandyrylyp, gün energiýasy we ýel energiýasy boýunça işleri ýerine ýetirýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda Hydyrow Türkmenistanda gün panellerini ýerleşdirmek boýunça ilkinji ygtyýarnama alan kompaniýadyklaryny belläp: “Häzirki wagtda Türkmenistanda gurnaýan gün panellerimizi daşary ýurtlardan getirýäris. Hytaýyň, Türkiýäniň we Gollandiýanyň kompaniýalary bilen işleşýäris. Ýaňy-ýakynda ‘Victron Energy’ kompaniýasynyň Türkmenistandaky wekilligini aldyk” diýdi.

Gün panelleriniň 2050-nji ýyla çenli dünýäde esasy energiýa çeşmesi bolmagyna garaşylýar. Täjirçilik maksatly döredilen gün energiýasy stansiýalary geçen asyryň 80-nji ýyllarynda ulanylyp başlanypdy. Gaýtadan dikeldilýän energiýanyň bu görnüşi 2016-njy ýylda bütindünýäde ulanylan energiýanyň 1,3 %-ne deň boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022