“Ak Gaýa” ýerli çig maldan gips karton materiallaryny öndürýär

BT
“Ak Gaýa” ýerli çig maldan gips karton materiallaryny öndürýär

“Ak Gaýa” hojalyk jemgyýeti gips karton listleriniň synag üçin niýetlenen tapgyryny çykardy. Gatan gips garyndysyndan gurluşyk-bezeg materialynyň içki bölegi ýerli çig maldan öndürilýär.

Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän gurluşyk materiallaryny we gips kartony öndürýän kärhanada telekeçiler kuwwaty ýylda 8 million inedördül metr bolan gury suwagy öndürýän awtomatik enjamy işe girizdi.

“Ak Gaýa” ürgün gurluşyk materiallaryny gruntlamak we gutarnykly işlemek üçin niýetlenen şpaklýowkalary öndüriji hökmünde tanalýar.

Eýýäm bir ýyldan bäri kärhana Balkan welaýatynda gazylyp alynýan çig maldan bezeg materiallaryny öndürýär. Sehiň kuwwatlygy – ýylda 80 müň tonna gury garynda deň.