Türkmenistanda ulanylýan transformatorlaryň 10,000-den gowragyny “Beta” öndürdi

BT
Türkmenistanda ulanylýan transformatorlaryň 10,000-den gowragyny “Beta” öndürdi
Awjy: “Biziň 25 kilowatdan-25 megawata çenli dürli transformatorlarymyz 15 ýyl bäri Türkmenistanda ulanylýar".

Türkmenistanda Türkiýäniň belli transformator öndürijisi “Beta” kompaniýasynyň 10,000-den gowrak transformatorlary ulanylýar. Kompaniýanyň sebitleýin satuw direktory Ilhan Awjy “Biznes Türkmenistan” neşirine beren beýanatynda bu barada maglumat berdi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän halkara energetika sergisiniň dowamynda eýýäm 15 ýyl bäri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk saklaýandyklaryny aýdan Awjy: “Biziň 25 kilowatdan-25 megawata çenli dürli transformatorlarymyz 15 ýyl bäri Türkmenistanda ulanylýar. Olaryň sany häzirki wagtda 10,000-i geçdi. Bu mukdaryň 70 %-ni hususyýetçiler, 30 %-ni bolsa, döwlet edaralary satyn aldy” diýdi.

Häzirki wagtda Türkmenistana iberen transformatorlarynyň 80-90 %-ini ýagly transformatorlar, 10-15 %-ini bolsa gury transformatorlar düzýändigini mälim eden Awjy: “Howa menzili, hassahana ýaly ýapyk ýerlerde esasan gury transformatorlar ulanylýar. Mysal üçin ‘Berkarar’ söwda-dynç alyş merkezinde, Türkmenabat Halkara howa menzilinde we Aşgabadyň Halkara howa menziliniň bir böleginde, şeýle hem Balkan welaýatyndaky polimer zawodynda biziň transformatorlarymyz ulanylýar” diýip belläp geçdi.

Awjy söhbetdeşligiň dowamynda sergä gatnaşmakdaky esasy maksatlarynyň “Beta”-nyň türkmen bazaryndaky işlerini has-da rowaçlandyrmakdygyny aýtdy.

Türkiýäniň Adana şäherinde ýerleşýän senagat zolagynda önümçilik alyp barýan “Beta” kompaniýasy önümleriniň 75%-ni dünýäniň 30-dan gowrak ýurduna eksport edýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022