Türkmenabadyň gymmat bahaly daşlar zawody ýylyň başyndan bäri 50 görnüşli altyn we kümüş önümlerini, şol sanda milli öwüşginli önümleri öndürdi. Häzirki wagtda kärhananyň önümleriniň görnüşi 3 müňden geçýär.
“TürkmenAltyn” kärhanasynyň Türkmenabat şäherindäki bu zawodynda ýüzükler, syrgalar, dürli şaý-sepler, bilezikler, şeýle hem milli äheňdäki gymmat bahaly daşlar we sowgatlyklar öndürilýär. Ýylyň başyndan bäri kärhanada 5.5 million manatlyk önüm öndürilip, görkeziji geçen ýylyň agzalýan döwrüne garanyňda ep-esli ýokarlandy.
“TürkmenAltyn” ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli täze bezeg şaý-sepleri we sowgatlyklary taýýarladylar. Bu gymmatbaha önümler paýtagtdaky we welaýat merkezlerindäki “TürkmenAltyn”-yň ýörite dükanlarynda ilata ýetirilýär.
Kärhananyň hünärmenleri öňdebaryjy trendleri we gyzyl önümler bazaryndaky ýagdaýy öwrenýärler hem-de alyjylaryň talaplaryny ýokary derejede kanagatlandyrmak üçin olaryň isleg bildirýän önümlerini seljerýärler.
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar baradaky komitetiniň “TürkmenAltyn” kärhanasyna degişli Türkmenabadyň zawody 1984-nji ýylda açyldy.