“Türkmenkabel”-iň önümleri 16-njy tapgyryň ýaşaýyş jaýlarynda ulanylar

BT
“Türkmenkabel”-iň önümleri 16-njy tapgyryň ýaşaýyş jaýlarynda ulanylar

Aşgabadyň “Türkmenkabel” zawodynyň ýeňil we berk hojalyk önümleri bilen paýtagtyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda gurulýan 16-njy tapgyryň ýaşaýyş jaýlary üpjün ediler.

“Türkmenkabeliň” hünärmenleri köp komponentli hojalyk önümlerini özleşdirýärler. Kärhanada ýöriteleşdirilen önümhana açylyp, onda aýnaplastiklerinden dürli şekil we ölçegdäki wanna we elýuwguçlaryň iki ýüzden gowragy öndürildi. Ýakyn wagtda bu ýerde stol tagtasy we unitazlaryň önümçiligi ýola goýlar.

Ýeňil, köpugurly we giňden ulanylýan bu hojalyk önümleri bazarda uly depgin bilen orun alýar. Önümhananyň hünärmenleri geljekde hojalyk harytlaryny bu ýeňil we berk materialdan owadan dizaýnly wanna, SPA-howzuny, duş otagçalaryny öndürmegi göz öňünde tutýar.

Kärhana aýnaplastikler önümleriniň laýyklyk sertifikatyny aldy. Geljekde önümhananyň santehniki önümlerinde aýnaplastika bilen bir hatarda, mermer owuntyklary we kwars çäge esasly polimerbeton ulanmak meýilleşdirilýär.