Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň rejelenen görnüşiniň taslamasy taýýarlanyldy. Bu barada anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow maglumat berdi.
2015-nji ýylyň dekabr aýynda Fransiýanyň Pariž şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynde geçirilen howanyň üýtgemegi bilen bagly halkara maslahatyň çäklerinde Pariž ylalaşygy kabul edilipdi. Türkmenistan bu ylalaşyga 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda gol çekdi.
Bu ylalaşykdan, şeýle hem BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Strategiýasyndan gelip çykýan borçnamalary nazara almak bilen taýýarlanan Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýasynyň rejelenen görnüşinde bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmek boýunça degişli çäreleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar diýip, Meredow belledi.
Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň başdaky milli strategiýasy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 15-nji iýunyndaky 12366 belgili karary bilen tassyklanypdy.
Milli strategiýanyň rejelenen görnüşiniň taslamasynyň taýýarlanmagy sentýabr aýynyň 23-ne Nýu-Ýork şäherinde Howa sammitiniň geçirilmegi bilen baglylykda möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygy Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) mejlis bilen bagly habarynda aýdylýar.