Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda şenbe güni günebakar ýagyny we un öndürýän kärhana açyldy.
2 gektar meýdany eýeleýän kärhana “Gündogar akymy” hojalyk jemgyýetiniň işgärleri tarapyndan guruldy. Önümçilik kuwwaty ýylda 7 müň 200 tonna günebakar ýagyna we 20 müň tonna una barabar bolan kärhananyň desgalarynyň hataryna ammarlar, barlaghana, ýyladyş ulgamy, dolandyryş-durmuş binasy girýär.
Bu kärhanada günebakar ýagynyň we unuň önümçiliginiň galyndylaryny maldarçylyk we guşçulyk hojalyklarynda ot-iým hökmünde peýdalanmak göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda önümçilik üçin çig mal şertnama esasynda Gazagystandan satyn alynýar, ýakyn wagtda telekeçiler zerur bolan ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin birnäçe gektar meýdany kärendesine almagy göz öňünde tutýarlar.
2018-nji ýylyň noýabr aýynyň 23-ne geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bu kärhananyň ekologiýa taýdan arassa günebakar ýagyny öndürjekdigini bellän Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çary Gylyjow 2019-njy ýylyň dowamynda günebakar ekilýän ekerançylyk meýdanlaryny 5000 gektar giňeltmek meýilleşdirilýändigi barada maglumat beripdi