Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň J.Hudaýberenow adyndaky geňeşliginde ýyladyşhana şäherjigi kemala gelýär.
Häzirki wagtda bu ýerde “Altyn Tug” hususy kärhanasyna degişli iň iri ugurdaş desga ulanylyşa taýýarlanýar. 12 gektar meýdany tutýan ýyladyşhana meşhur enjam öndürijileriň awtomatik usulda amatly gyzgynlygy, çyglylygy we ýagtylygy saklaýan, gök ekinleri suwarýan we iýmitlendirýän döwrebap enjamlary bilen üpjün edilen.
Şeýle hem import harytlarynyň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek we olary eksporta gönükdirmek döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde bu ýerde “Älem açar” hususy kärhanasy 4 gektar ýerde ýyladyşhana gurýar.
Demirgazyk sebitinde döwlet tarapyndan uzak möhletleýin kärendesine berlen ýerlerde söwda nokatlaryny gök ekin önümleri bilen üpjün edýän hususy pudaga degişli ýyladyşhanalar hereket edýär we gurulýar. Şol bir wagtda bu ýerde döwlete degişli ýyladyşhanalaryň hem sany artýar.