Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Ýaşyldepe” daýhan birleşiginde kärendeçi Aşyr Annamyradow 4 gektar ýerinden 85 tonna üzüm hasylyny almagy maksat edinýär.
Geçen ýyl şu ýerden 75 tonna “Gülgüne taýpy” sortly üzüm alandygyny aýdan kärendeçi häzirki wagta çenli 20 tonnadan gowrak hasyl ýygandygyny mälim etdi.
Herekete baý bolýan güýz paslynda daýhan Annamyradow hersi azyndan 3-4 kilogram töweregi agramy bolan hoşalaryň ýygymyna girişdi.
Daýhan üçin her ýylyň öz rysgaly bolýar diýýän kärendeçi zähmet bilen bagryň badaşanda hiç haçan ondan üzňe ýaşap bolmaýar diýip, öz zähmeti barada gürrüň berdi.
Kärendeçi Annamyradow öz maşgala agzalary bilen bu gyrymyzy öwsüp oturan üzümleriň ýygymyny çaltlandyrýar.