Daşary ýurt kompaniýalary Türkmenistanda iş alyp barmakdan hoşal

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşary ýurt kompaniýalary Türkmenistanda iş alyp barmakdan hoşal
Türkmenistanyň Prezidenti çarşenbe güni Türkiýäniň we Ukrainanyň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi.

Türkmenistanda iri taslamalary durmuşa geçirýän Türkiýäniň we Ukrainanyň meşhur kompaniýalary ýurdumyzda iş alyp barmakdan hoşaldyklaryny aýtdylar.

Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda çarşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erman Ylyjagy, “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň ýolbaşçysy Ahmet Çalygy, “NATA Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Namyk Tanygy kabul etdi.

Şeýle hem şol gün döwlet Baştutanymyz Ukrainanyň “Altkom” maliýe-senagat toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Aleksandr Tislenko, “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy Wladimir Petruk bilen duşuşdy.

Daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary ýurdumyzda amala aşyrýan taslamalarynyň barşy barada hasabat berdiler we desgalary öz wagtynda ulanyşa tabşyrjakdyklary barada ynandyrdylar. Olar geljegi uly türkmen bazarynda iş alyp barmakdan hoşaldyklaryny aýdyp, täze taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny hem bellediler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022