Georgiýewa HPG-niň 12-nji direktory wezipesine bellendi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Georgiýewa HPG-niň 12-nji direktory wezipesine bellendi
Oktýabr aýynyň 1-nden täze wezipesine girişjek Georgiýewa 5 ýyllyk möhlet bilen bellenildi.

Halkara pul gaznasynyň (HPG) ýerine ýetiriji geňeşi çarşenbe güni Kristalina Georgiýewany HPG-niň dolandyryjy direktory wezipesine belledi. Bu barada gaznanyň metbugat beýanatynda habar berilýär.

Oktýabr aýynyň 1-nden täze wezipesine girişjek Georgiýewa 5 ýyllyk möhlet bilen bellenildi.

“Ýerine ýetiriji geňeşe beren beýanatymda hem belleýşim ýaly, biziň birinji wezipämiz ýurtlaryň ykdysady çökgünlik howpuny azaltmak we ykdysady kynçylyklardan baş alyp çykmaga taýýar bolmakdyr” diýip, Georgiýewa metbugat beýanatynda belläp geçdi.

Gaznanyň 12-nji dolandyryjy direktory bolan Georgiýewa raýatlaryň durmuşyny has hem gowulandyrmak we güýçli ykdysady ulgamlary gurmak üçin uzak möhletleýin maksatnamalaryň ähmiýetine ünsi çekdi.

Topary bilen bilelikde esasy maksatlarynyň gaznanyň işini has hem kämilleşdirmekdigini aýdan Georgiýewa ozalky egindeşi Kristin Lagardyň HPG-niň üstünligine önjeýli goşant goşandygyny nygtady.

HPG-niň 11-nji dolandyryjy direktory Kristin Lagard sentýabr aýynyň 12-ne wezipeden çekilipdi. Lagardyň Ýewropanyň Merkezi bankyna ýolbaşçy hökmünde dalaşgärlik etmegi onuň wezipesinden çekilmegine sebäp boldy.

1944-nji ýylda döredilen gazna 189 ýurt agza bolup durýar. Türkmenistan HPG-niň düzümine 1992-nji ýylyň sentýabr aýynyň 22-sine goşuldy. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022