“Türkmenhowaýollary” Kuala-Lumpur we Jidde şäherlerine dekabrda gatnamaga başlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmenhowaýollary” Kuala-Lumpur we Jidde şäherlerine dekabrda gatnamaga başlar
Malaýziýanyň paýtagtyna hepdede üç gezek ýerine ýetiriljek gatnawlarda “Boeing 777-200LR” kysymly uçar ulanylar.

Türkmenistanyň howa gatnawlary boýunça agentligi “Türkmenhowaýollary” gyşky meýilnamasyna täze iki ugry goşmagy meýilleşdirýär.

“Türkmenhowaýollary” agentligi dekabr aýynda Aşgabat – Kuala Lumpur we Aşgabat – Jidde howa gatnawlaryny ýola goýar. Malaýziýanyň paýtagtyna hepdede üç gezek ýerine ýetiriljek gatnawlarda “Boeing 777-200LR” kysymly uçar ulanylar.

Aşgabat – Kuala Lumpur ugry boýunça gatnawlaryň täzelenen reje boýunça hereket etjegi üstümizdäki ýylyň iýun aýynda “Türkmenistan: Altyn asyr” neşiri tarapyndan habar berlipdi.

Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidde şäherine bolsa, hepdede iki gezek uçuş amala aşyrylar. Bu uçuşlarda hem “Boeing 777-200LR” uçary gatnawy ýerine ýetirer.

Dünýädäki howa gatnawlary bilen bagly maglumatlary giňişleýin ýetirip durýan “Official Aviation Guide” saýtynyň ýekşenbe günki maglumatyna görä, täze ugurlar boýunça gatnawlar 22-nji dekabrda başlar.

Aşgabat bilen Kuala Lumpur şäherleriniň arasynda “Türkmenhowaýollary” tarapyndan ilkinji uçuş 2015-nji ýylyň fewral aýynyň 12-sine amala aşyrylypdy. 7 sagat dowam eden göni howa gatnawyny 291 orunlyk “Boeing 777-200LR” uçary ýerine ýetiripdi. 

2022