“Chevening” stipendiýasy welaýatlarda tanadylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Chevening” stipendiýasy welaýatlarda tanadylýar
Türkmenistanly okuwçylara “Chevening” stipendiýasynyň talaplary we mümkinçilikleri barada maglumat berildi.

Birleşen Patyşalygyň Aşgabatdaky ilçihanasy “Chevening” stipendiýasyny tanatmak işlerine dowam edýär.

Ilçihananyň metbugat beýanatyna görä, sentýabr aýynyň 30-na Aşgabatda başlan tanyşdyrylyş çäreleriniň bir tapgyry sişenbe güni Daşoguz we Mary şäherlerinde geçirildi.

Sentýabr aýynda wezipä girişen ilçi Hýu Stenli Filpott aýratynlykda Daşoguzda ýerleşýän Türkmen oba hojalyk institutynyň we Maryda ýerleşýän Türkmen döwlet energetika institutynyň talyplary bilen duşuşdy. Duşuşyklaryň dowamynda bilim ulgamynyň ähmiýetine ünsi çeken Filpott Birleşen Patyşalykda bilim almak mümkinçilikleri barada aýdyp berdi.

Mary şäherindäki amerikan merkezinde geçirilen tanyşdyrylyş çärelerinde “Chevening” maksatnamasynyň hünärmeni Rebekah Palmer türkmenistanly okuwçylara “Chevening” stipendiýasynyň talaplary we mümkinçilikleri barada maglumat berdi.

Nobatdaky tanyşdyrylyş çäresi 24-nji oktýabrda ABŞ-nyň Aşgabatdaky Ilçihanasynyň maglumat we medeniýet bölüminde geçiriler diýlip beýanatda aýdylýar.

“Chevening” stipendiýasy noýabr aýynyň 5-ne çenli dalaşgärleri hasaba alar.