Türkmen kompaniýalary “TOURISM EXPO JAPAN 2019” syýahatçylyk sergisine gatnaşýar

BIZNES TÜRKMENISTAN

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň “Rowaçsyýahat” syýahatçylyk kärhanasy 24-27-nji oktýabr aralygynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän “TOURISM EXPO JAPAN 2019” syýahatçylyk sergisine gatnaşýar.

Birleşmäniň habar bermegine görä, bu sergä “Aşgabatsyýahat”, “Owadan syýahat”, “Nurana Aý” we “Durdynyýaz” syýahatçylyk kompaniýalary hem gatnaşýar.

“Rowaçsyýahat”-yň ilkinji gezek gatnaşýan bu halkara sergisi 2014-nji ýyldan bäri geçirilýär. Sergide 100-den gowrak ýurduň wekiliýetleriniň we kompaniýalarynyň pawilionlary açylýar.

Ilkinji gezek Tokiodan başga şäherde geçirilýän “TOURISM EXPO JAPAN 2019” syýahatçylyk sergisine 130,000 adamyň aýlanyp görmegine garaşylýar.

Serginiň 2018-nji ýylda geçirilen sanyna 136 ýurtdan 1441 kompaniýa we gurama gatnaşyp, sergä gezenleriň sany 207,352-ä deň boldy.

2022