Aşgabatda ýokary derejeli türkmen-malaý gepleşikleri geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda ýokary derejeli türkmen-malaý gepleşikleri geçirildi
Gepleşikler ikitaraplaýyn, sebitleýin we halkara meseleleriň giň toplumyny öz içine aldy.

Ýekşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkmenistanyň paýtagtyna resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň Premýer-ministri Mahathir Mohamadyň arasynda “Oguzhan” köşkler toplumynda duşuşyklar geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, gepleşikleriň başynda, myhmany mähirli garşy alyp, Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň hökümetiniň ýolbaşçysyna çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Gepleşikler ikitaraplaýyn, sebitleýin we halkara meseleleriň giň toplumyny öz içine aldy. Ýokary derejedäki ýakyn gatnaşyklary saklamaga, ähli pudaklardaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga bolan umumy islegi tassyklap, taraplar Türkmenistan bilen Malaýziýanyň syýasy, ykdysady, söwda, energetika, tehnologiýalar, logistika, senagat, bilim, syýahatçylyk ulgamlardaky hem-de medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklaryna aýratyn üns çekdiler. Duşuşykda “Petronas” kompaniýasynyň Türkmenistanda alyp barýan işlerine aýratyn üns çekildi.

Premýer-ministr Mahathir Mohamad Malaýziýanyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmen ýaşlarynyň türkmen-malaý gatnaşyklarynyň birleşdirýän köpri boljakdygyny belläp, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy Malaýziýa çagyrdy.

Soňra gepleşikler “Ak altyn” otagynda giňeldilen düzümde – iki ýurduň resmi wekiliýetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdirildi. Dostlukly we işjeň gepleşikleriň barşynda, türkmen-malaý gatnaşyklar barada pikir alşyp, taraplar hyzmatdaşlygyň geljegine üns berdiler.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Günorta we Gündogar Aziýa ýurtlarynyň assosiasiýasy (ASEAN) bilen hyzmatdaşlyk etmek meselelerine seretmäge taýyndyklaryny belläp, geljek ýyl Aşgabat şäherinde ikinji türkmen-malaý işewürlik forumyny geçirmegi teklip etdi. Bu forumyň ilkinjisi Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda geçirilipdi.

Gepleşikleriň ahyrynda “Mermer” otagynda giňişleýin düzümde iki döwletiň liderleri ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyny kabul etdiler. Soňra Türkmenistanyň Prezidenti we Malaýziýanyň Premýer-ministri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.    

Şeýle hem “Oguzkent” myhmanhanasynyň Banket zalynda Malaýziýanyň Premýer-ministriniň hormatyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan resmi günortanlyk nahary berildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlary çykyş etdiler.

 

2022