Türkmenistanyň Gazagystandaky söwda öýüni açmak meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Gazagystandaky söwda öýüni açmak meýilleşdirilýär
Gazagystanyň ilçisi öz gezeginde özara bähbitli işewür gatnaşyklaryny ýola goýmakda goldaw berjekdigi babatynda ynandyrdy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde (TSTB) Gazagystanyň doly ygtyýarly wekili bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň Gazagystandaky söwda öýüni açmak mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

TSTB-niň habar bermegine görä, sişenbe güni Birleşmäniň başlygy Aleksandr Dadaýew bilen Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ýerkebulan Sapiýewiň duşuşygynda bu barada gürrüň edildi.

TSTB-niň başlygy gazagystanly diplomaty Birleşmäniň döreýiş taryhy, düzümi we iş ugurlary bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem ilçä ýerli telekeçiler tarapyndan durmuşa geçirilýän iri möçberli taslamalar we özleşdirilýän täze pudaklar, önümleriň eksportynyň artdyrylmagy, geljekki meýilnamalar hakynda gürrüň berildi.

Maglumatlara uly gyzyklanma bildiren diplomat Gazagystanyň işewürlik bileleşiginiň işi hakynda gürrüň berdi. Özara gatnaşygyň netijeli ugurlary hökmünde söwda, oba hojalyk, ulag-kommunikasiýa ulgamy, syýahatçylyk, dokma önümleriniň önümçiligi agzalyp geçildi.

Şunuň bilen baglylykda gepleşigiň barşynda türkmen senagatçylarynyň we telekeçileriniň gazagystanly işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşyklarynyň geçirilmeginiň netijeliligi bellenildi.

Goňşy ýurduň ilçisi öz gezeginde özara bähbitli işewür gatnaşyklaryny ýola goýmakda goldaw berjekdigi babatda ynandyrdy.

2022