Aşgabadyň Parahat – 7/3 ýaşaýyş toplumynda täze dokuz gatly ýaşaýyş jaýy açyldy. Çarşenbe güni geçirilen açylyş dabarasynda 108 maşgala öýleriň açarlary gowşuryldy.
Jaýyň aşhanasynyň, daşky gapydan girelgesiniň öňüniň giňligi amatlylygyň hem-de oňaýlylygyň ýokary talaplaryna doly kybap gelýär. Otaglara ýerleşdirilen häzirki zaman görnüşinde gurnalan ýokary hilli mebeller ýurdumyzyň öndürijileri tarapyndan taýýarlandy.
Binanyň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, şol ýerlerde çagalaryň oýnamagy, sport bilen meşgullanmak, medeni-köpçülik çärelerini we dabaralary geçirmek üçin amatly şertler döredilipdir.