Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde şu ýylyň iýul aýynda açylan “Jahana seýran” syýahatçylyk kompaniýasy ýurduň raýatlarynyň 2 müňden gowragyna syýahatçylyk işlerini gurnady.
Raýatlar Türkiýe, Gazagystan, Russiýa, Belarusýa, Ukraina , BAE, Taýland, Özbegistan, Hytaý Halk Respublikasy, Hindistan ýaly döwletlerde syýahatda boldular.
“Jahana seýran” mundan başga-da, Germaniýa, Italiýa, Awstriýa, Ispaniýa, Gresiýa, Türkiýe, Ýaponiýa, ABŞ, Beýik Britaniýa ýaly döwletlerden gelen 100-e golaý daşary ýurtly syýahatçylary garşylady.
Jahankeşdeler ýurduň Ahal, Mary we Daşoguz welaýatlarynyň çäklerinde ýerleşýän medeni ýadygärliklere we Derwezedäki “Garagumyň ýalkymy” atly täsinlige aýlandylar.
Bu hususy syýahatçylyk kärhanasy geljekde Ýewropanyň beýleki ýurtlaryna-da syýahatçylyk işlerini gurnamagy meýilleşdirýärler.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň garamagynda şu ýylyň sentýabr aýynda syýahatçylyk kärhanasy döredildi. Döredilen syýahatçylyk kärhanasy daşary ýurtlaryň ugurdaş edaralary bilen hyzmatdaşlyk barada ylalaşyklary baglaşmagy hem-de daşary ýurtlaryň birnäçesinde wekilhanalary açmak boýunça çäreleri meýilleşdirýär.
Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagyna degişli kärhanalary şu ýylyň oktýabr aýynda Singapurda, Ýaponiýada geçirilen ugurdaş sergilere, şeýle hem Hytaýda syýahatçylygy ösdürmek boýunça okuw-maslahatyna gatnaşdylar.